Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ABŞ-ly iki esger öldürildi


NATO-nyň Owganystandaky esgerleri

NATO-nyň Owganystandaky esgerleri

Owganystanyň demirgazygynda, harby operasiýa geçirilýän mahaly, ABŞ-nyň iki sany esgeri öldi.

NATO-nyň berýän maglumatyna görä, 3-nji noýabrda esgerler “öz owgan kärdeşlerine Gunduzdan ‘Talybanyň’ pozisiýalaryny bozmak boýunça tälim, maslahat we hemaýat beriji missiýasyny alyp barýan pursady” olara garşy ot açylypdyr.

“Şu günki pajygaly waka garamazdan, biz owgan kärdeşlerimize öz ýurduny gorap bilmegi üçin hemaýat bermäge ygrarly bolup galýarys” diýip, ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky ýokary derejeli kommandiri Jon Nikolson aýtdy.

Bu soňky ýitgiler Gunduz welaýatyndaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşandygyny görkezýär. Geçen aý “Talyban” bu sebite girmegi başarypdy.

ABŞ-nyň Owganystandaky söweş operasiýalary 2014-nji ýylda tamamlanypdy. Emma ýörite güýçler owgan harbylaryna hemaýat bermegini dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG