Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain hakerleri rus resmisine degişlidigi aýdylýan emeýlleri çap etdiler


Rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri Wladislaw Surkow.
Rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri Wladislaw Surkow.

Ukrainly hakerler rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri – Wladislaw Surkow bilen ilteşikli emeýl hasaplaryny ele geçirendiklerini, şeýle-de bularyň Kremliň Kiýewiň işlerine goşulýandygyny açyp görkezýändigini aýtdylar.

Emeýller 3-nji noýabrda çap edilmezinden ozal Azatlyk Radiosyna gelip gowşupdy we seljerilipdi.

Eger-de emeýller hakyky bolsa, olarda Surkowyň edarasynyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda separatist toparlaryny döretmek boýunça amal edilen işleri görkezilýär.

Mundan bir hepde ozal, Surkowa degişlidigi aýdylýan emeýlleriň ýene bir tapgyry çap edilipdi. Ekspertler olarda Russiýanyň Krymy basyp almak we Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde Kiýewe garşy garaýyşlary ornaşdyrmak boýunça jikme-jik planlarynyň bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG