Sepleriň elýeterliligi

Siriýada “Al-Kaýdanyň” liderleriniň biri öldürildi


Pilotsyz uçar

Pilotsyz uçar

ABŞ-nyň pilotsyz uçarynyň Siriýada amala aşyran howa zarbasy netijesinde, “Al-Kaýda” toparynyň ozalky lideri Osama bin Laden bilen ýakyn gatnaşykda bolan terroristik toparynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri öldürildi.

Pentagonyň metbugat wekili “Günbatara garşy söweşleri planlaşdyran we amala aşyran” Haýdar Kirkanyň 17-nji oktýabrda Idlib şäherine edilen hüjüme öldürilendigini aýtdy.

Soňky hepdelerde Pentagon “Al-Kaýda” toparynyň ençeme, şol sanda Owganystandaky we Ýemendäki ýokary derejeli kommandirleriniň öldürilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG