Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Türkiýe Rakkany azat etmek strategiýasyny maslahatlaşýarlar


Siriýanyň Demokratik harby güýçleri Rakka şäheriniň eteginde YD söweşijilerini garşy ot açýarlar. Arhiwden

Siriýanyň Demokratik harby güýçleri Rakka şäheriniň eteginde YD söweşijilerini garşy ot açýarlar. Arhiwden

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň Rakka şäherini “Yslam döwleti” jeňçi toparyndan azat etmek boýunça Türkiýäniň bitirjek hyzmaty barada gepleşikler geçirýär diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter aýtdy.

“Biz Rakkanyň azat edilmegi boýunça Türkiýäniň roly barada gepleşikleri geçirmegi dowam etdireris. Emma häzir bir plana görä hereket edýäris” diýip, Karter 2-nji noýabrda geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Karter “Yslam döwleti” toparynyň Siriýadaky iň möhüm berkitmeleriniň biri bolan Rakka şäherini gabawa almak we ony jeňçilerden arassalamak operasiýalaryna kürt söweşijileriniň hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Şol bir wagtda, ABŞ resmileri, etnikara konfliktleriň ýüze çykmazlygy üçin, esasan, arap güýçleriniň şähere girmegine garaşylýandygyny aýtdylar. Mosuly azat etmek boýunça geçirilýän operasiýada hem entikara konfliktleriň öňüni almak üçin, şuňa meňzeş strategiýa ýöredilip gelinýär.

Kürtleriň söweş operasiýalaryna gatnaşdyrylmagy bilen baglylykda Türkiýe bilen düşünişmezlikler ýüze çykypdy. ABŞ kürtleri “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşmekde özüniň Siriýadaky iň möhüm ýaranlarynyň biri hasaplaýar. Emma Türkiýe olaryň Türkiýeden bölünmek ugrunda göreş alyp barýan kürt söweşijileri bilen ilteşiginiň bardygyny aýdyp, olary terroristik bir gurama hökmünde häsiýetlendirýär.

Siriýaly kürtleriň, ABŞ-nyň goldawy bilen siriýa-türk serhediniň köp bölegini jeňçilerden öz ellerini geçirmegi bilen, Türkiýäniň nägileligini has-da güýçlendirdi.

Türkiýe Rakkany azat etmek operasiýasyna diňe ýerli güýçleriň gatnaşdyrylyp, kürtleriň onuň golaýyna getirilmeli dälidigini öňe sürýär.

Emma ABŞ resmileri ikiçäk gürrüňdeşlikde, Türkiýäniň çete çekilip, koalisiýanyň geçirýän operasiýasyna päsgel bermeli däldigini duýdurdylar.

Karteriň 2-nji noýabrda eden bellikleri ABŞ-nyň Rakkany azat etmek operasiýasynyň soňky tapgyryna Türkiýäni çekmek synanyşyklaryny görkezýär.

XS
SM
MD
LG