Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bazarlarynda ‘Türkmenistanda öndürilen’ dünýä brendleri peýda boldy


“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” websaýtyndan alnan surat.
“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” websaýtyndan alnan surat.

Sentýabr aýynyň başynda türkmen bazarlarynda dünýäniň meşhur brendleriniň etiketkasy ýerleşdirilen ýerli tekstil önümleriniň ençeme görnüşi peýda boldy diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 2-nji oktýabrda çap eden maglumatynda Levi’s, Zara, Bershka, Pull&Bear, Nautica, Montana, Marc Ecko we beýleki brendleriň etiketkasy ýerleşdirilen jinsi önümleriniň bazarlardaky ýük daşalýan galtaklarda satylýandygy we olarda “Türkmenistanda öndürilen” belgisiniň ýazylandygy aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu waka ýokarda agzalýan brendleriň, şeýle-de sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekiliniň Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlara aladalanma bildirip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýörite hat ugratmagynyň we bu meselä üns bermegini soramagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu ýylyň maý aýynda ugradylan şol hatda köp sanly kompaniýalaryň öz harytlarynyň önümçiliginde mejbury zähmetiň, gulçulygyň ulanylmandygyny kepillendirmek üçin, dowamly hasabat bermek boýunça düzgünleriň bardygy aýdylyp, “Kompaniýalar bular ýaly şertlerde öndürilen harytlary ýa-da önümleri ulanyp bilmeýärler” diýlip nygtalýar.

Şeýle-de, mebelleri we öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy hem Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýdypdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli welaýatdyr şäherleriniň bazarlarynda bu harytlaryň uly göwrümde peýda bolmagynyň ýokarda agzalan mesele bilen baglanyşykly bolup-bolmandygy barada Azatlyk Radiosyna anyk maglumat almak başartmady.

Emma maglumatlardan çen tutulsa, bu tekstil önümleriniň hili iň ýokary derejede bolup, olaryň etiketkalary, ölçegleri we ideg etmek instruksiýalary Günbatar ýurtlarynyň standartlaryna laýyklykda taýýarlanylypdyr.

Hatda käbir önümleriň, mysal üçin, U.S. Polo Assn., Giovanni we Hanes brendleriniň etiketkasy ýerleşdirilen maýkalaryň bir gabynyň (3 sany) $16 barabardygy barada daşary ýurt walýutasyndaky bahasy hem görkezilipdir. Bu maýkalar türkmen bazarlarynda 5 manada, ortaça 1-1,5 amerikan dollaryna satylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, pagta we pagta önümleri Türkmenistanyň esasy eksport harytlarynyň biri bolup, ýurtda her ýyl göz öňünde tutulan pagta planyny dolmak meselesine döwlet derejesinde çemeleşilýär.

Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistan şu ýylky pagta planynyň dolandygyny we daýhanlaryň döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny tabşyrandygyny yglan etdi.

Emma şol bir wagtyň özünde, şu hepdäniň başynda prezident Berdimuhamedow gowaça meýdanlarynda pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak bilen baglanyşykly işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, bu kemçilikleri aradan aýyrmagy üçin käbir welaýat häkimlerine görkezme berdi.

Prezidentiň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, nähili çäreleriň amal ediljekdigi barada, halk köpçüligine anyk maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu işleri güýçlendirmek meselesinde mekdep okuwçylaryny pagta ýygymyna gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýarmy ýa-da ýok – bu hem aýdyňlaşdyrylmaýar.

Emma şu ýyl pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen ýurduň esasan-da Daşoguz we Lebap welaýatynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň we mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýandygy barada maglumatlar gelip gowşupdy.

Türkmenistan öz pagta önümlerini Hytaýa, Russiýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa we käbir beýleki ýurtlara eksport edýär.

XS
SM
MD
LG