Sepleriň elýeterliligi

Amazon "seksi burkany" satuwdan aýyrdy


Gahar-gazaba münen müşderiler “Amazony” "Seksi yslamy eginbaş saudi burka" satýandygy üçin, "milletparazlyk" bilen aýyplapdyrlar.

Gahar-gazaba münen müşderiler “Amazony” "Seksi yslamy eginbaş saudi burka" satýandygy üçin, "milletparazlyk" bilen aýyplapdyrlar.

"Amazon" atly internet dükany "Seksi yslamy eginbaş saudi burka" diýen at bilen satuwa çykaran eginbaşyny derrew aýyrmaly bolupdyr.

Etegi keltejik, özem diýseň dar bolan, ýüz we kelle bilen bir hatarda bedeniň diňe bilden ýokarsyny ýapýan ol eginbaş internet dükanynyň müşderileriniň gahar-gazabyna duçar bolupdyr. Olar internet dükanynyň hyzmata baha berlip teswir ýazylýan bölüminde ol eginbaşy "milletparazlygy öjükdiriji" we "elhenç gelşiksiz" diýip atlandyrypdyrlar.

"Amazon" atly internet dükanynyň Britaniýadaky sahypasynda, Hellouin (mukaddeslikler güni) baýramy üçin özüne internetde geň eginbaş gözleýän alyjylar anna güni 18,99 funt sterline (23 dollar) satuwa çykarylan ol eginbaşyň bildirişini görüpdirler. Ýöne ol eginbaş, bedeniň ýüzden başga ýerini kän ýapmaýan ekeni.

"Karnawal eginbaşy däl"

"Bu dine äsgermezçilik etmek dälmi? Bu gelşikli däl" diýip, müşderilerden biri ol eginbaşyň aşagyndaky baha berilýän bölüme teswir ýazypdyr.

"Kimem bolsaň Alladan gork" diýip, başga bir müşderi teswir galdyrypdyr.

"Hemmäňiz baryp ýatan bolgusyz milletparaz ekeniňiz. Meniň medeniýetim siziň eginbaşyňyz däl" diýip, ýene bir gazaply teswirçi öz pikirini beýan edipdir.

"Adamzadyň medeniýeti karnawal eginbaşyndan ybarat däl" diýip, başga bir raýat öz garaýşyny beýan edipdir.

"Amazon" atly internet dükanynyň Britaniýa bölümi "dawa" turuzan burka eginbaşyny derrew sahypadan aýrypdyr we onuň ornuna "bu haryt indi satylmaýar" diýen bildiriş ýazypdyr. Firma internet dükanyny ulanýan satyn alyjylaryň "satuw kadalaryna eýermegi" barasynda çagyryş beripdir. Internet dükany kadany bozanlara garşy çäre höküminde, olaryň ulgamdaky agzalygy pozupdyr we olary petikläpdir. Ýöne internet dükany eginbaşyň zenan görnüşini satuwdan aýranam bolsa, erkek adamlar üçin bolan görnüşine degmändir. Ol geýimi görkezmek üçin, geýip duranyň suratdaky ýüzi hem mele reňk bilen görünmez ýaly edilipdir.

"Beýtmek ýerlikli däl"

Ýüzi ýapýan nikaply, ýeňi uzyn ak erkek eginbaşy bolsa henizem internet sahypasynda durandyr. Oňa galdyrylan az sanly teswirlerden galan teswirleriň köpüsi bolsa oňaýly äheňe eýedir.

"Bu adam gaty gülkünç. Oýun edip, "keýp üçin" başga medeniýetiň wekili ýaly geýinmek ýerlikli däl. Onda-da adamlar muňa meňzeş eginbaşlary şol medeniýetiň üstünden gülmek üçin alyp geýendir" diýip, Hadija atly bir müşderi teswir galdyrypdyr.

Bu aslynda Hellouin eginbaşlarynyň jedellere sebäp bolan ilkinji wakasy däl.

Geçen ýyl ABŞ-da "Wal-Mart" atly satuw ulgamy çagalar üçin Ysraýyl esgeriniň eginbaşyny we sünni "arap şyhynyň" burnuny satuwa çykarandygy sebäpli alyjylaryň gaty uly gahar-gazabyna duçar bolupdyr.

XS
SM
MD
LG