Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Diýarbekirde güýçli partlama boldy


Türkiýe: Diýarbekirde güýçli partlama boldy

Türkiýe: Diýarbekirde güýçli partlama boldy

ürkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym kürtleriň köpçülikleýin ýaşaýan Diýarbekir şäherinde awtoulagda goýlan bombanyň partlamagy zerarly sekiz adamyň wepat bolandygyny we 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ýyldyrym hüjümde kürt söweşijilerini aýyplady.

Bu partlama türk häkimiýetleriniň Kürt Halk demokratik partiýasynyň (HDP) 11 kanunçykaryjysyny tussag etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türk howpsuzlyk güýçleri olaryň terrorçylyga garşy geçirilýän derňewleriň çäginde tussag edilendigini aýdýarlar.

Türkiýe HDP-niň ýurtda gadagan edilen Kürdistanyň Işçiler partiýasy (PKK) bilen ilteşiginiň bardygyny öňe sürýär. Emma HDP bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG