Sepleriň elýeterliligi

Almatynyň aeroporty 'howply jaňdan' soň ýolagçylaryny ewakuasiýa etdi


4-nji noýabrda Almatynyň halkara aeroportynyň ýolagçylary ewakuasiýa edildi.

4-nji noýabrda Almatynyň halkara aeroportynyň ýolagçylary ewakuasiýa edildi.

4-nji noýabrda Almatynyň halkara aeroportynda partlaýjy guralyň ýerleşdirilendigini barada bir näbelli adamyň jaň edip, habar bermeginden soň birnäçe uçar reýsleri ýatyryldy we ýolagçylar wagtlaýyn aeroportyň binasynyň daşyna çykaryldy.

Aeroportyň metbugat-gullugy howpsuzlyk güýçleriniň barlag geçirip, hiç hili partlaýjy gural tapylmansoň terminalyň işiniň dowam etdirilendigini habar berdi.

Bu ýagdaý goňşy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň Manas aeroportunda bolan şuňa meňzeş wakadan dört gün geçensoň ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG