Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bütewülik senesini ýöriş bilen belleýär


Twerskaýa köçesinde ýöriş geçirildi, Moskwa, 4-nji noýabr, 2016.

Twerskaýa köçesinde ýöriş geçirildi, Moskwa, 4-nji noýabr, 2016.

Orsýetli milletçiler we hökümetiň tarapdarlary Moskwanyň köçelerinde ýöriş geçirip, ýurduň Milli bütewülik gününi bellediler. 4-nji noýabrda resmi baýramçylyk hökmünde bellenýän bu sene Kreml tarapyndan 10 ýyl mundan öň esaslanylypdy.

Ýörişe gatnaşanlaryň ençemesi plakatlary we Orsýetiň baýdaklaryny göterip Moskwanyň merkezindäki Twerskaýa köçesinden geçdiler.

Şeýle-de şäheriň beýleki ýerlerinde-de ýörişleriň geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Kremliň golaýynda Beýik knýaz Wladimiriň ýadygärligini açmagyna hem garaşylýar. Rowaýata görä, knýaz Wladimir 988-nji ýylda ýurdy prawoslaw hristianlyga öwürdi.

Prezident Wladimir Putin bütewülik gününi Orsýetiň 1612-nji ýylda Polşanyň güýçlerinden üstün çykan senesini bellemek üçin 2005-nji ýylda esaslandyrypdy.

XS
SM
MD
LG