Sepleriň elýeterliligi

Aleppoda birtaraplaýyn wagtlaýyn ýaraşyk güýje girdi


"Jaish al-Fatah" toparynyň gozgalaňçylary, Aleppo, 3-nji noýabr, 2016

"Jaish al-Fatah" toparynyň gozgalaňçylary, Aleppo, 3-nji noýabr, 2016

Siriýanyň demirgazyk Aleppo şäherinde birtaraplaýyn wagtlaýyn ýaraşyk güýje girdi.

Siriýanyň režiminiň we Orsýetiň 4-nji noýabrda yglan eden ok atyşygy bes etmek baradaky 10 sagatlyk ýaraşygy gozgalaňçylaryň we raýatlaryň gabawdaky Aleppony gündogar tarapda döredilen ýollar arkaly terk etmäge mümkinçilik berýär.

Siriýanyň aktiwistleri “ynsanperwer arakesme” diýlip atlandyrylan bu çäräniň yglan edilmeginiň ilkinji sagatlarynda Siriýanyň we ýaranlaryň goşunlary, şeýle-de gozgalaňçylaryň söweşijileri tarapyndan uly harby hereketleriň hasaba alynmandygyny habar berdiler.

Gozgalaňçylar bu ýaraşygy ret edip, ony halkara basyşy güýçlendirmek synanyşygy diýip atlandyrypdy we gabawy böwüsmek ugrunda söweşi dowam etdirmegi wada beripdi.

Oktýabr aýynda yglan edilen üç günlük ýaraşygyň netijesinde Aleppo şäherini diňe sanlyja adam terk edipdi. Şäherde 250 müň çemesi adam gabawda galýar.

XS
SM
MD
LG