Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan suraty dünýä belli bolan zenany ýurtdan çykarýar


Şarbat Gulanyň “National Geographic” žurnalynyň 1985-nji ýylyň iýun aýynda çap bolan suraty.
Şarbat Gulanyň “National Geographic” žurnalynyň 1985-nji ýylyň iýun aýynda çap bolan suraty.

“National Geographic” žurnalynyň baş sahypasynda suraty çap edilen zenan 15 günlük türme tussaglygyndan soň Pakistandan deportasiýa ediler.

Şeýle-de 4-nji noýabrda Peşawaryň sudy Şarbat Gulany 110 müň rupi, ýagny 1050 amerikan dollary möçberde jerime tölemäge höküm etdi.

Gök gözli bosgun çaga Gulanyň suraty ony bütin dünýä meşhur edipdi. Ol 26-njy oktýabrda Peşawar şäherinde galp dokumentleri ulanmakda güman edilip tussag edilipdi.

Ol tussaglykda ýaraman soň keselhana ýerleşdirilipdi.

Gulanyň aklawçysy Mohsin Dawar öz müşderisiniň özüne garşy ýöňkelýän ähli aýyplamalary boýun alandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Dawar türme möhletiniň zenanyň tussag edilen gününden başlanandygyny we onuň deportasiýa edilýänçä ýene dört gün türmede boljakdygyny belledi.

Owganystanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň wekili Muhammad Naseem Kakarh Gulanyň Owganystana 7-8-nji noýabr aralygynda tabşyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG