Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Milli jebislik güni bellenildi


Resmiler ýörişe 80 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.
Resmiler ýörişe 80 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Russiýada bellenilýän Milli jebislik gününe gabatlap, milletçiler we hökümet tarapdarlary Moskwanyň köçelerinde ýöriş geçirdiler. Milli jebislik güni Kreml tarapyndan mundan 10 ýyl töweregi ozal, Bolşewik Rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bellenilýän baýramçylyk çäreleriniň ornuna esaslandyrylypdy.

4-nji noýabrda, esasan, hökümeti goldaýan toparlaryň we häkimiýetdäki syýasy partiýalaryň wekilleri Twerskaýa köçesinden başlap ýöriş geçirdiler. Resmiler bu çärä 80 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Ýöriş mahaly köçäniň gyralarynda polisiýanyň köp sanly işgärlerini-de görse bolýardy.

Şeýle-de, şu gün prezident Wladimir Putiniň Kremliň golaýynda beýik şazada Wladimiriň heýkelini açmagyna garaşylýar. Aýdylmagyna görä, ol Kiýew Rusyna 988-nji ýylda ýolbaşçylyk eden döwri gündogardaky slawýanlar prowoslaw hristianlygyny kabul edipdirler.

Milli jebislik güni Putin tarapyndan 2005-nji ýylda esaslandyrylypdy. Ol 1612-nji ýylda ruslaryň polýak güýçlerinden üstün çykmagyny dabaralandyrýar. Indi bolsa baýramçylyk sowet döwri 7-nji noýabrda bellenilen 1917-nji ýylyň Bolşewik rewolýusiýasynyň ýyl dönüminiň ornuny tutdy.

Hökümetiň syýasatyny goldap geçirilen ýörişlerde adamlaryň ellerinde “Russiýa jebisligi” ýa “Biz agzybir bolsak, bizden hiç kim üstün çykmaz” ýaly şygarly plakatlar hem bardy.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, adaty adamlaryň arasynda baýramçylygy bellemäge islegliler gaty az. Adamlaryň köpüsiniň işleýän ýerlerinde basyşyň görkezilýändigi sebäpli, hökümet tarapyndan gurnalýan çärelere gatnaşmaly bolýandyklaryna üns çekilýär.

Twerskaýa köçesinde geçirilen ýörişe gatnaşan üç sany özbek migrant işçisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen ýyldakylardan tapawutlylykda, bu ýyl olara çärä gatnaşandyklary üçin hiç hili töleg edilmändir.

XS
SM
MD
LG