Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guterres: BMG bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlyk etmegi möhüm


Birleşen Milletler Guramasynyň indiki ýolbaşçysy Antonio Guterres
Birleşen Milletler Guramasynyň indiki ýolbaşçysy Antonio Guterres

Birleşen Milletler Guramasynyň indiki ýolbaşçysy Antonio Guterres dünýädäki uruşlary, şeýle-de barha ýitileşip barýan gumanitar we daşky-gurşaw meselelerini çözmek üçin ABŞ bilen içgin hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmelidigini aýtdy.

“Biziň ählimiz agyr bir dünýäde ýaşaýandygymyza göz ýetirýäris. Biziň ählimiz soňky döwür konfliktleriň telim esse artandygyna we adamlaryň ejir çekýändigine göz ýetirýäris” diýip, Guterres ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy.

“Men häzirki global ýagdaýlary gowulandyrmak üçin BMG bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyna ynanýaryn” diýip, Guterres sözüne goşdy.

BMG-niň Bosgunlar edarasyna 10 ýyl töweregi ýolbaşçylyk eden Guterres geljek ýylyň ýanwarynda BMG-niň baş sekretary hökmünde günorta koreýaly Ban Ki-muny çalyşar.

XS
SM
MD
LG