Sepleriň elýeterliligi

Wall Street gymmat kagyzlary hümmetini ýitirýär


Wall Street-iň esasy indeksi dokuz günläp, dowamly öz hümmetini ýitirdi.

Wall Street-iň esasy indeksi dokuz günläp, dowamly öz hümmetini ýitirdi.

Soňky 30 ýylyň içinde ilkinji gezek Wall Street gymmat kagyzlary yzygiderli öz hümmetini ýitirmegini dowam etdirdi. Bu aşaklama ABŞ-nyň ýakynlap gelýän prezidentlik saýlawlary bilen baglylykdaky aladalanmalaryň fonunda bolup geçýär.

Wall Street-iň esasy indeksi dokuz günläp, dowamly öz hümmetini ýitirdi. Beýle ýagdaý 1980-nji ýylyň dekabryndan bäri gaýtalanmandy.

Bu dünýäniň beýleki biržalaryna hem täsir ýetirdi. Tokionyň biržasy 1.3%, Londonyň biržasy 1.4%, Parižiň we Frankfurtyň biržalary hem degişlilikde 0.8% we 0.7% pese gaçdylar

Saýlawlar bilen bagly aladalanmalar ABŞ-nyň dollarynyň – dünýäniň iň berk pul birliklikleriniň biri hasaplanýan – şweýsar frankyna bolan gatnaşygyny hem peseltdi.

XS
SM
MD
LG