Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Malaziýa sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti 7-8-nji noýabr aralygynda Malaziýa sapar eder.

Resmi metbugat saparyň dowamynda iki taraplaýyn ençeme ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdi.

Malaziýanyň “Petronas” nebit-gaz kompaniýasy Türkmenistanyň Hazar deňzindäki “Blok 1” böleginde, ýagny “Magtymguly”, “Diýarbekir” we “Garagol-Deňiz” ýataklarynda uglewodorod serişdeleriniň gözleg-agtaryş we çykaryş işlerini geçirýär.

XS
SM
MD
LG