Türkmenistanyň howaýollary Aşgabat-Tblisi-Aşgabat aralygynda göni uçuşlary amala aşyrmaly reýsi soňa goýdy. Bu barada gürji Agenda.ge neşiri maglumat berýär.
Ýatladyp geçsek, dowamly uçuşlary eýýäm 2-nji noýabrdan ýola goýmak planlaşdyrylýardy. Emma, Gürjüstanyň Raýat awiasiýa gullugynyň wekili türkmen tarapynyň gyşky döwür munuň nä derejede bähbitli boljagyndan şübhelenip, uçuşlary näbelli wagta çenli yza süýşürendigini mälim etdi.
Aşgabat-Tblisi-Aşgabat aralygyndaky uçuşlaryň geljekde açylyp-açylmajakdygy hem näbelli bolmagyna galýar.