Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede “Jümhüriýet” gazetiniň dokuz işgäri tussag edildi


“Jümhüriýet” gazetiniň Stambuldaky edarasy

“Jümhüriýet” gazetiniň Stambuldaky edarasy

Türk resmileri oppozisiýadaky dünýewi “Jümhüriýet” gazetiniň dokuz sany ýolbaşçysyny we žurnalistini sud diňlenişigine çenli tussaglykda saklamak barada netije çykardylar. Mundan bir gün öň, kürtleriň tarapyny çalýan esasy syýasy partiýanyň başlygy hem tussag edilipdi.

“Jümhüriýet” gazetiniň tussag edilen dokuz işgäriniň arasynda ýurduň belli žurnalistleri hem bar. Olaryň kürtleriň ýaragly topary - Kürdüstanyň Işçiler partiýasy we 15-nji iýulda harby agdarylyşygy amala aşyrmakçy bolandygy aýdylýan ruhany Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikleriniň bolandygy öňe sürülýär.

31-nji oktýabrda “Jümhüriýet” gazetiniň jemi 13 işgäri, şol sanda baş redaktory Murat Sabunju we karikaturaçysy Musa Kart hem sorag üçin tussag edilipdiler.

Makalaçylar Hikmet Jetinkaýa we Aýdin Engin – gartaşan ýaşy we saglyk ýagdaýy sebäpli – gözegçilik astynda azatlyga goýberildi. Tussag edilenleriň başga ikisi bolsa, hiç hili aýyplama bildirilmezden, tussaglykdan boşadyldy.

Gazetiň galan dokuz işgäri sud diňlenişigine çenli deslapky tussaghanada saklanarlar. Suduň haçan geçiriljekdigi yglan edilmedi.

Bu tussag etmeler Türkiýede oppozisiýa garşy edilýän basyşyň artan döwrüne gabat geldi. Şenbe güni kürtleri goldaýan Halk Demokratik partiýasynyň 9 deputaty tussag edildi.

Günbatar ýurtlary soňky tussag etmeler bilen baglylykda aladalanma bildirdiler.

XS
SM
MD
LG