Sepleriň elýeterliligi

Yragyň güýçleri Mosulyň aeroportyna golaýladylar


Yragyň harby güýçleri Mosuly azat etmek ugrunda operasiýa geçirýärler.

Yragyň harby güýçleri Mosuly azat etmek ugrunda operasiýa geçirýärler.

Yrakda Mosuly “Yslam döwleti” ekstremistik toparyndan azat etmek boýunça geçirilýän harby operasiýanyň çäginde, hökümet güýçleri şäheriň aeoroportuna ýakynladylar.

General-leýtenant Raid Şakir Jawdatyň beren maglumatyna görä, hökümet güýçleri Mosulyň 15 kilometr günortasyndaky Hammam al-Aliliň merkezini ele geçiripdirler.

Ol beýleki harby birikmeleriň Tigris derýasynyň günbatar akymy boýunça ilerländiklerini we häzir olaryň aeroportdan 4 km uzaklykda ýerleşýändiklerini hem sözüne goşdy.

Mosul “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň iň soňky berkitmesidir. Ony azat etmek boýunça Yragyň hökümet we kürtleriň Peşmerga güýçleri söweşýärler.

XS
SM
MD
LG