Sepleriň elýeterliligi

Yrakda janyndan geçenler hüjümleri amala aşyrdylar


Yrakda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçleri sebite gözegçilik edýärler. Arhiwden

Yrakda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçleri sebite gözegçilik edýärler. Arhiwden

Yragyň demirgazygyndaky iki şäherinde janyndan geçenleriň özlerini ulagda partlatmagy netijesinde azyndan 21 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.

Bu ýurduň ikinji uly şäheri – Mosuly jeňçileriň elinden azat etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli operasiýa gabat geldi.

Janyndan geçenleriň biri özüni Tikrit şäheriniň girelgesinde partladyp, 13 adamyň ölmegine sebäp boldy. Söweşijileriň başga biri şaýylaryň Samarra şäherindäki mukaddes ýerleriniň biriniň golaýynda özüni ýardy. Bu wakada azyndan sekiz adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG