Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda awstraliýaly alnyp gaçyldy


Owganystanyň media serişdelerinde Kabulyň merkezinde bir awstraliýaly aýalyň alnyp gaçylandygy barada maglumat peýda boldy. Arhiwden
Owganystanyň media serişdelerinde Kabulyň merkezinde bir awstraliýaly aýalyň alnyp gaçylandygy barada maglumat peýda boldy. Arhiwden

Awstraliýanyň hökümeti öz raýatlarynyň biriniň Owganystanda alnyp gaçylandygy baradaky maglumatlary tassyklatjak bolýandygyny habar berýär.

“Awstraliýanyň Kabuldaky ilçihanasy Awstraliýanyň raýatynyň Kabulda alnyp gaçylandygy baradaky maglumatlar dogrusynda gyssagly derňewleri geçirýär” diýip, Kanberradaky Daşary gatnaşyklar we Söwda edarasynyň metbugat wekili maglumat berdi.

Mundan öň, Owganystanyň media serişdelerinde Kabulyň merkezinde bir awstraliýaly aýalyň alnyp gaçylandygy barada maglumat peýda bolupdy. Onuň hökümete degişli däl guramalaryň birinde işländigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG