Sepleriň elýeterliligi

Putiniň ozalky janpenasy FSB-niň direktorynyň orunbasary boldy


Ýewgeniý Ziniçew

Ýewgeniý Ziniçew

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ozalky janpenalarynyň biri ýurduň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

FSB-niň ýaýradan beýanatyna görä, geçen aý Kaliningradyň häkimi wezipesinden çekilen Ýewgeniý Ziniçew oktýabr aýynda Gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdir.

Ziniçewiň bu wezipä bellenmeginiň gijikdirilip habar berlendigi dogrusynda hiç hili düşündiriş berilmedi.

1966-njy ýylda doglan Ziniçew iýul aýynda Kaliningrad Oblastynyň häkimi wezipesine bellenip, aradan üç aý geçenden soň bu ýerden çekilipdi.

Mundan birnäçe ýyl ozal Ziniçew Putiniň şahsy goragynda işleýärdi. FSB onuň “1987-nji ýylyň iýunyndan bäri howpsuzlyk gulluklarynda işländigini” habar berdi.

XS
SM
MD
LG