Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti ýene bir aýaly öz hökümetinde wezipä belledi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bir aýaly wise-prezident wezipesine belledi. Zahra Ahmadipur ýurduň Syýahatçylyk we Medeni Miras ministrliginiň işini ýöreder.

Ahmadipur Rohaniniň hökümetindäki üçünji aýaldyr. Ol mundan öň ýurduň Içeri işler ministrliginde-de orta derejeli wezipede işläpdi.

Eýranda maý aýynda nobatdaky prezidentlik saýlawlary geçiriler. Rohaniniň ikinji möhlete prezident saýlanmak üçin dalaşgärlik etjekdigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG