Sepleriň elýeterliligi

Tramp, Klinton saýlaw kampaniýalaryny ýaýka ştatlarda dowam etdirdiler


ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärler Hillari Klinton we Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärler Hillari Klinton we Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärler Donald Tramp we Hillari Klinton 8-nji noýabrda geçjek saýlawlaryň öňüsyrasynda ses berijileriň goldawyny gazanmak üçin, ýurduň dürli künjeklerine sapar etdiler.

Tramp haýsy dalaşgäri goldamalydygy dogrusynda ikirjeňlenýän ýaýka ştatlara, şol sanda Pennsilwaniýa, Demirgazyk Karolina, Florida sapar etdi.

Tramp, adatça, demokratik dalaşgäri goldap, ses berýän ştatlara hem sapar edip, kampaniýa geçirer.

Bu aralykda, Klinton aglaba ýagdaýda demokrat dalaşgärleri goldaýanlaryň, şol sanda afrikan amerikalylaryň, latinalaryň we aýallaryň seslerini gazanmak ugrunda tagalla etdi.

ABC/Washington Post pikir soralyşygynyň netijesinde görä, Klinton 48-43 gatnaşygynda öňde barýar.

5-nji noýabrda Tramp Newada ştatynda kampaniýa geçirýän pursady ýarag howatyrlanmasy sebäpli, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gysga wagtlyk sahnadan aýryldy.

Trampyň ogly Twitter hasabynda munuň “jana kast etmek synanyşygynyň” bolandygyny öňe sürdi.

Gizlin gulluk bu waka bilen baglylykda beýanat ýaýradyp, onda märekäniň içinde biriniň ‘ýarag’ diýip, gygyrandygyny, emma hiç hili ýaragyň tapylmandygyny mälim etdi.

6-njy noýabrda Tramp Minnesota we Miçigana sapar eder.

Klinton Filadelfiýada prezident Barak Obama, onuň aýaly Mişel Obama we ozalky prezident Bill Klinton bilen ýöriş geçirmezinden ozal, 7-nji noýabrda Miçiganda hem kampaniýa geçirer.

XS
SM
MD
LG