Sepleriň elýeterliligi

Isa pygamberiň jaýlanan gowagy tapyldymy?


Hezreti Isanyň gubur ýadygärligi (mawzoleýi)

Hezreti Isanyň gubur ýadygärligi (mawzoleýi)

Iýerusalimde bir täsin waka ýüze çykypdyr: Hezreti Isanyň mawzoleýinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän bilermenler gubur ýadygärliginiň iň içerki bölüminiň mermerden bolan diwaryny aýryp, pygamberiň jaýlanan ýerini görmäge synanyşypdyrlar.

Köpsanly taryhçynyň pikrine görä, Isa pygamberiň jaýlanan hakyky gowagy bir eýýäm ýer ýumrulyp, ýitirim bolup gidipdir.

Ýöne gazuw-agtaryş toparyna ýolbaşçylyk edýän arheolog Iýerusalimiň mukaddes gubur buthanasynyň ortarasyndaky – mermer diwarlarynyň arkasynda bir gowak tapypdyr. Ol gowagyň ýerini elektroniki radar enjamlarynyň kömegi bilen anyklapdyr.

Harabaçylygyň üstünde dikeldilen buthana

"Bu örän täsin bir galyndy" diýip "National Geographic" guramasynyň arheology Fredrik Hiebert öz garaýşyny mälim edipdir.

Isa pygamberiň iň gadymy buthanalaryň biriniň merkezinde ýerleşýän ol mawzoleýi haçparazlaryň iň mukaddes ýerleriniň biri hasaplanýar.

"National Geographic" dikeldiş işlerini surata düşürmek üçin, Gresiýadan gelen ussalaryň topary bilen iş hyzmatdaşlygyny ýola goýupdyr.

12-nji asyra degişli Mukaddes gubur buthanasy 4-nji asyrdan galan harabaçylygyň üstünde dikeldilipdir. Haçparazlygyň ähli 6 mezhebiniň ybadatlary diňe şol ýerde durmuşa geçirilipdir.

Razylyk almak aňsat däl

Isa pygamberiň gubur ýadygärligi iň soňky sapar 1810-njy ýylda, ýangyndan soň täzeden bejerilipdir. Onlarça ýyllap çygly we şemleriň tüssesinden doly bolan atmosferada galan ol gubur ýadygärligi tämizleýiş işleriniň geçirilmegine mätäçlik çekýär. Britaniýanyň hökümetiniň 1947-nji ýylda gubur ýadygärliginiň daş-töweregine aýladan demir germewi henizem edil goýluşy ýaly durupdyr.

Bejeriş işlerini amala aşyrmak o diýen aňsat hem däl. Şeýle mukaddes ýerde, hemmeleriň razylygyny almazdan, şeýle işi amala aşyrmak mümkin däl. Ol ýeriň maýadarlary bolup durýan dürli mezhebiň wekilleri sähelçe üýtgeşiklige-de gaty uly garşylyk görkezýärler.

Hezreti Isanyň heýkeli

Hezreti Isanyň heýkeli

​Geçen ýyl Ysraýylyň gadymy galyndylar baradaky edarasy ol ymaratyň howp astyndadygyny mälim edipdir. Ondan soň polisiýa ol ýeri bir salym adam gatnawyndan ýapypdyr. Bu ýagdaý ahyrynda mezhepleriň wekilleriniň bejeriş işleriniň geçirilmegine razylyk bildirmegine getiripdir.

Bir günläp nobata durulýarmy?

Zyýarata gelenler mukaddes guburyň ýerleşýän içerki kiçi otagyna girip görmek üçin, tutuş bir günläp nobata durýarlar. Ak mermer gapagyň öňünde dyz çökýän haçparazlar Isa pygamberiň bedeniniň şol mermeriň astyndaky daşyň üstünde goýlandygyna we onuň soňra ol ýerde täzeden direlip asmana göterilendigine ynanýarlar.

Ybadathananyň resmileri 26-njy oktýabrda başlan bejeriş işleri sebäpli mukaddes mazara barýan zyýarat ýoluny ýapypdyrlar. Bilermenler mukaddes guburyň özüni görmek üçin, mermer gapagy bir tarapa aýryp goýupdyrlar. Hiebertiň aýtmagyna görä, ol mermer gapak 1550-nji ýyldan bäri hiç hili gozgalmandyr.

Mermeriň aşagyndan daş galyndylary tapylypdyr. Olar daş galyndylaryny arassalaýan mahaly başga bir mermer gapagy ýüze çykarypdyrlar.

Hiebertiň pikirine görä, ýüzüne kiçijik haç şekili oýulyp çekilen ol mermer gapak 12-nji asyra degişlidir. Ortarasyndan jaýrylan ol gapagyň aşagynda ak reňkli bir gatlak bar ekeni.

"Tüsse çykýan tüýnük" bolmaly

"Ynanyp bilemok... Bu iki esasy gatlak bolmaly. Entek gaty köp işimiz bar" diýip, Hiebert belläpdir.

Ybadathana ýolbaşçylyk edýän esasy haçparaz jemgyýetleri mukaddes ýerde gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrmak üçin, bilermenlere diňe 60 sagat möhlet beripdirler. Şonuň üçinem bilermenler guburyň üstünde gije-gündiz diýmän yzygiderli ylmy-barlag işini geçirýärler.

"Biz bularyň hemmesini surata düşürenimizden soň mazary täzeden owalkysy ýaly edip ýapyp goýarys" diýip, Afinanyň milli tehniki uniwersitetinden bolan arhitektor Antonia Moropoulou nygtapdyr. Ol şol bir wagtyň özünde, gazuw-agtaryş hem rejeleýiş işlerini geçirýän toparyň baştutanydyr.

Restawrasiýa topary mazary aýyl-saýyl edenden soň, owalkysy ýaly edip ýapar. Ýöne, şonda-da, onuň bir bölegini açyk görnüşde goýarlar. Ýagny bilermenleriň guburyň mermer diwarynda açan deşigi barada gürrüň gozgalýar. Zyýarata gelýänler ol "deşikden" ilkinji gezek Isa pygamberiň guburynyň üstündäki agymtyl daşy görerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG