Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Malaýziýa barýar


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji noýabrda iki günlük resmi sapar bilen Malaýziýa barýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berilýär.

Ýekşenbe güni berlen habarda iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň çäginde “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze badalga berjek resminamalaryň ençemesine gol goýulmagyna garaşylýandygy” aýdylýar.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary barha artyp, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 15 prosent ýokarlandy diýlip, türkmen mediasynda nygtalýar.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda dikeldilipdi.

XS
SM
MD
LG