Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Ženewada hasabat berer


BMG-niň baýdagy

BMG-niň baýdagy

Türkmenistan 21-22-nji noýabrda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy Komitetiniň sessiýasynda öz hasabaty bilen çykyş eder.

Türkmenistan BMG-niň gynamalara we beýleki ýowuz, adamkärçiliksiz we kemsidiji jeza beriji çärelerine garşy Konwensiýa gol goýan 159 ýurduň biridir.

Muňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň Komitetiniň öňünde çykyş edip, bu Konwensiýanyň berjaý edilişi we Komitetiň beren öňki maslahatlarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermeli.

Bu hasabatyň dowamynda 10 sany garaşsyz ekspertden düzülen Komitet degişli ýurduň hökümet delegasiýalary bilen dialog alyp barar.

XS
SM
MD
LG