Sepleriň elýeterliligi

Almatydaky ýangyndan soň ýene alty adamyň jesedi tapyldy


Almatydaky ýangyndan soň ýene alty adamyň jesedi tapyldy.

Almatydaky ýangyndan soň ýene alty adamyň jesedi tapyldy.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky biznes merkezinde bolan uly ýangyndan soň, alty adamyň jesedi tapyldy.

Almaty şäheriniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamenti ýangyndan bir gün soň, ýagny 6-njy noýabrda Almaty Towersde bir adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy. Başga-da bäş adamyň jesedi 7-nji noýabrda binanyň altynjy gatynda ele salyndy.

Gazagystanyň halas ediş gullugynyň işgärleri başga adamlaryň hem jesetlerini tapmaga synanyşýarlar.

Takmynan 1,800 metr kwadrat territoriýa öz täsirini ýetiren ýangyn 6-njy noýabrda agşam sagat 8:30 töweregi söndürilipdi.

Gazak derňewçileri jesetleriň şahsyýetini anyklamaga we ýagynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygyny anyklamaga çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG