Sepleriň elýeterliligi

Assanž öňümizdäki hepde soraga çekiler


“WikiLeaksi” döreden Julian Assanž

“WikiLeaksi” döreden Julian Assanž

Şwesiýanyň prokuratura edarasy “WikiLeaksi” döreden Julian Assanžyň uzak wagt bäri dowam edýän jynsy zorluk aýyplamalary bilen baglanyşykly 14-nji noýabrda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda soraga çekiljekdigini aýtdy.

“Ekwador jenaýat işi bilen ilteşikli kanuny ýardam etmegi kabul etdi we ekwadorly prokurorlar [Assanž bilen] interwýuny geçirerler” diýlip, Şwesiýanyň prokuratura edarasynyň 7-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Bu duşuşyga Şwesiýanyň prokurorynyň kömekçisiniň, baş prokuror Ingrid Isgreniň we şwed polisiýa derňewçisiniň gatnaşmagyna rugsat berildi. Olar bu baradaky netijeleri şwed hökümetine habar bererler.

45 ýaşyndaky awstraliýaly Assanž özüniň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmeginden alada edip, bu sud işi bilen baglanyşykly Şwesiýa gitmegi ret edipdi.

XS
SM
MD
LG