Sepleriň elýeterliligi

Täjik delegasiýasy Moskwa bardy


Moskwanyň golaýyndaky Žukowskiý halkara aeroporty.

Moskwanyň golaýyndaky Žukowskiý halkara aeroporty.

Täjigistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa gatnawy bilen baglanyşykly gapma-garşylyklaryň dörän mahaly, täjik delegasiýasy 7-nji noýabrda Moskwa bardy.

Täjigistanyň Transport ministrliginiň delegasiýasynyň rus paýtagtyna edýän bu sapary, Russiýa Duşenbe 8-nji noýabra çenli Moskwanyň golaýyndaky Žukowskiý halkara aeroportundan barýan reýsleri kabul etmese, onda özüniň ähli uçar reýslerini ýatyrmagynyň mümkindigi barada duýduryş berenden dört gün soňa gabat geldi.

Täjigistan Russiýanyň Moskwadan Duşenbä gelýän uçar reýsleriniň sanyny birtaraplaýyn artdyrandygyny aýdýar.

Mundan ozal, täjik Transport ministrliginiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Duşenbe “öz howa kompaniýalarynyň bähbidini goramaly bolýar” diýipdi.

XS
SM
MD
LG