Sepleriň elýeterliligi

Ban: Kipr meselesiniň çözgüdi onuň elýeterliligine bagly


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun bölünen Kipr adasyny gaýtadan birleşdimek ugrundaky ylalaşygyň “onuň elýeterliligine baglydygyny” aýtdy.

Ol bu baradaky gepleşiklere Şweýsariýada başlap, Kipriň grek prezidenti Nicos Anastasiades we onuň türk kärdeşi Mustafa Akinci bilen geçiriljek gepleşiklerde territoriýa we “çözülmedik beýleki meseleleriň” ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

“Kipr babatdaky meseläniň çözgüdi onuň elýeterliligine bagly. Bu iki jemgyýetden hem edilýän talaplar ýokary” diýip, Ban 7-nji oktýabrda eden çykyşynda aýtdy.

1974-nji ýylda Türkiýäniň Kipre çozup girmegi netijesinde ada ikä bölünipdi. Şondan bäri Nikosianyň (Lefkoşa) Türkiýe bilen gatnaşyklary dartgynly bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG