Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili Odesanyň häkimi wezipesinden çekildi


Öz-özüni sürgün eden Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Odesa regionynyň häkimi wezipesinden çekildi.

Öz-özüni sürgün eden Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Odesa regionynyň häkimi wezipesinden çekildi.

Öz-özüni sürgün eden Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Odesa regionynyň häkimi wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdi.

Saakaşwili 7-nji noýabrda žurnalistlere beren maglumatynda “sabrymyň dolmagyna sebäp bolan iň soňky damja” geçen hepde ukrain resmileriniň girdejisi baradaky deklarasiýa boldy diýdi.

Bu maglumatlarda syýasatçylar bilen olaryň wekilçilik edýän gatlagynyň arasyndaky uly girdeji aratapawudy paş edildi.

Saakaşwili ukrain häkimiýetlerini korrupsiýada aýyplap, Odesa regionyndaky korrupsiýa toparlaryny Poroşenkonyň “hut özüniň goldaýandygyny” öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG