Sepleriň elýeterliligi

Amerikanlar prezidentlik saýlawlarynda ses bermäge başlady


Hilari Klinton we Donald Tramp

Hilari Klinton we Donald Tramp

Amerikanlar Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň dawaly prezidentlik kampaniýalarynyň birinden soň, 8-nji noýabrda täze prezidenti saýlamak üçin ses bermäge başladylar.

Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryndaky saýlaw uçastoklary Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da açyldy. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Nýu-Hempşir ýaly birnäçe kiçi şäherçesindäki adamlar saýlawlarda eýýäm ses berdiler.

46 milliondan gowrak adam poçta ýa-da saýlaw uçastoklary arkaly wagtyndan ozal ses berdiler. Bu san rekord derejesindedir.

Saýlawlaryň netijeleri 9-njy noýabrda Aşgabat wagty bilen irden sagat 10:00 töweregi belli bolup başlar.

Bu saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgär 20-nji ýanwarda geçiriljek dabarada ABŞ-nyň 45-nji prezidenti bolmaga kasam eder.

XS
SM
MD
LG