Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe siriýaly kürtleriň operasiýalardaky roly boýunça aladalanma bildirdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu

Türkiýe Birleşen Şatlar Ankara beren wadasynda ABŞ tarapyndan goldanylýan siriýaly kürt güýçleriniň diňe Rakkany gabawdan boşatmaga gatnaşjakdygyny, emma olaryň şähere girmejekdigini aýtdy diýýär. Bu şäher “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky de-fakto, ýagny iş ýüzündäki paýtagtydyr.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu 8-nji noýabrda eden çykyşynda Ankara Rakka şäherine ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa tarapyndan goldanylýan “ýerli” arap güýçleri we şol sanda, belkem türk gury ýer goşuny girmeli diýip hasaplaýar diýdi.

6-njy noýabrda Kürt Halk goranyş birleşikleriniň ýolbaşçylygyndaky köpmilletli oppozision topar - Siriýanyň demokratik güýçleri (SDG) – Rakkany yzyna almak ugrundaky kampaniýasynyň başlaýandygyny yglan etdi.

8-nji noýabrda Siriýanyň demokratik güýçleriniň Rakka şäheriniň günortasyndaky we demirgazygyndaky obalarda we kiçi şäherçelerde “Yslam döwleti” söweşijilerine garşy göreşýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG