Sepleriň elýeterliligi

Eýran Fransiýanyň ‘Total’ firmasy bilen uly gaz ylalaşygyna gol goýdy


Eýranyň "Günorta Pars" gaz ýatagy.

Eýranyň "Günorta Pars" gaz ýatagy.

Eýran özüniň deňizdäki uly gaz ýatagyny özleşdirmek barada Fransiýanyň “Total” kompaniýasy bilen ylalaşyga gol goýdy. Bu Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary aýrylany bäri Tähranyň günbatar energiýa kompaniýasy baglaşan iň uly şertnamasydyr.

8-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda “Total” dünýäniň iň uly gaz ýatagy “Günorta Parsyň” 11-nji fazasyny özleşdirmek üçin Hytaý Milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Eýranyň “Petropars” kärhanasynyň gatnaşmagyndaky konsorsiuma ýolbaşçylyk etjekdigini mälim etdi.

Fransuz firmasynyň Ýakyn Gündogar gazuw-agtaryş we önümçilik boýunça bölüminiň başlygy Stephane Michel bu gaz ýatagyny özleşdirmek üçin jemi 4,8 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýuljakdygyny aýtdy.

Bu taslamany özleşdirmek we ýola goýmak işleriniň 20 ýyla çekmegine garaşylýar.

Michel bu babatda 8-nji noýabrda Tähranda özara düşünişmek memorandumyna gol goýlandygyny aýdyp, soňky ylalaşyga öňümizdäki ýylyň başynda gol çekiljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG