Sepleriň elýeterliligi

HRW: Türkmen žurnalistine hüjüm edildi we talandy


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy şu ýylyň 25-nji oktýabrynda polisiýa tarapyndan soraga çekilip, soňra nämälim adamlaryň hüjümine we talaňçylygyna sezewar boldy diýlip, Human Rights Watch guramasy aýdýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 7-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda, 67 ýaşyndaky Soltan Açylowa edilen bu hüjüm Türkmenistanda media serişdeleriniň habarçylaryna edilýän şuňa meňzeş ençeme hüjümiň iň soňkusydyr diýilýär.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa geçen aýyň ahyrynda, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynyň biriniň öňünde emele gelen uzyn nobaty surata düşüren mahaly, polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanypdy we nämälim adamlar onuň kamerasyny talapdylar.

Beýanatda Açylowanyň Türkmenistanyň öz içinden maglumatlary habar berýän we öz kärdeşleri ýaly žurnalistika işi üçin nyşana alynýan ýurtdaky sanlyja habarçylaryň biridigi aýdylyp, “Türkmenistan media azatlygyna rugsat bermeýän awtoritar hökümetiň gol astyndaky ýapyk ýurt” diýilýär.

“Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk. Žurnalistler öz işini berjaý edýän mahaly, polisiýanyň hüjümine ýa-da tussag edilmelere sezewar edilmezden, öz işini ýerine ýetirip bilmeli” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber aýtdy.

Şeýle-de, ol Türkmenistanda medianyň doly diýen ýaly hökümetiň kontrollygynda saklanýandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň halkara partnýorlary ýurduň içinden garaşsyz maglumatlary habar bermäge synanyşýan sanlyja garaşsyz žurnaliste abanýan howp-haýbatlary gijä goýmazdan ýazgarmalydyr” diýdi.

XS
SM
MD
LG