Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklaryny goraýjy: Tussaglykdaky rus aktiwist başga türme geçirilmeli


Ildar Dadin

Ildar Dadin

Russiýanyň adam hukuklary baradaky prezidentlik geňeşiniň agzasy türmede gynamalara sezewar edilip, urlup-ýenjilendigi öňe sürülýän aktiwist Ildar Dadiniň başga tussaghana geçirilmelidigini aýdýar.

Türmä baryp, Dadini gören Igor Kalýapin 8-nji noýabrda beren maglumatynda Segeža şäherçesiniň “IK-7” türmesindäki sakçylar bilen aktiwistiň arasyndaky dartgynlylygyň “örän ýiti” derejededigini aýdyp, onuň başga tussaghana geçirilmegine zerurulyk bar diýdi.

Dadiniň aýalyna ýazylandygy aýdylýan hatda onuň türme tussaglygynyň dowamynda gynamalara we gorkuzmalara sezewar bolýandygy aýdylýar.

34 ýaşyndaky Dadin Russiýada rugsat berilmedik protest çäreleriniň ençemesine gatnaşmakda höküm edilen ilkinji adamdyr. Ol geçen ýylyň dekabr aýynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG