Sepleriň elýeterliligi

Wengriýaly kanunçykaryjylar konstitusiýa üýtgetmeleri girizmegi ret etdiler


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban

Wengriýaly kanunçykaryjylar ýurduň migrantlary kabul etmegine gadaganlyk girizjek konstitusion üýtgetmeleri ret etdiler.

8-nji noýabrda 199 kanunçykaryjynyň 131 sanysyny teklipnamany goldap, galany ret edip ses berdi. Wengriýada teklipnamanyň kabul edilmegi üçin kanunçykaryjylaryň üçden iki böleginiň ony goldap ses bermegi zerur.

Bu ses berişlik, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň bosgunlary we beýleki migrantlary kabul etmäge mejbur etjek planlara garşy aç-açan çykyş edýän wengriýaly premýer-ministr Wiktor Orban üçin ikinji uly zarba boldy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda wengriýalylar Ýewropa Bileleşiginiň migrantlary kabul etmek boýunça hökmany kwota planlary boýunça geçirilen milli referendumda ses berdiler. Emma bu ses berişlige gatnaşanlaryň sany garaşylandan örän pes bolupdy.

XS
SM
MD
LG