Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-nyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp öz tarapdarlarynyň arasynda

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp öz tarapdarlarynyň arasynda

Wiskonsin, Pennsylwania, Ohio, Demirgazyk Karolina we Florida ştatlaryndaky köpçülikleýin ýeňişler Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trampa Birleşen Ştatlaryň 45-nji prezidenti bolmak üçin talap edilýän 270 sany sesden has köp ses getirdi.

Tramp Manhattende jemlenen öz tarapdarlarynyň öňünde ýeňişli çykyş etmäge taýýarlandy. Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillari Klintonyň kampaniýasynyň ýolbaşçysy şu agşam çykyş etmejegini aýtdy we senator hem döwlet sekretarynyň işini “entek jemlemändigini” belledi.

Oara günbatar ştatlary Minnesota we Miçigan, şeýle-de demirgazyk ştaty Nýu Hempşir we günbatar Arizona ştaty boýunça sesler heniz sanalýar.

Trump Wiskonsin ştatynda 276 ses toplansoň ýeňiş gazandy we öz bäsdeşi Hillari Klintondan üstün çykdy.

XS
SM
MD
LG