Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Tramp saýlawlarda ýeňiş gazandy


Respublikan partiýasyndan prezidentlige saýlanan Donald Tramp öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Nýu Ýork, 9-njy noýabr, 2016.
Respublikan partiýasyndan prezidentlige saýlanan Donald Tramp öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Nýu Ýork, 9-njy noýabr, 2016.

Respublikan partiýasyndan milliarder Donal Trump ABŞ-nyň prezidenti bolmak ugrundaky taryhy saýlawlarda öz bäsdeşi Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillari Klintondan üstün çykmagynyň yz ýany eden çykyşynda amerikanlary “bütewi halk hökmünde birleşmäge” çagyrdy.

Tramp Mahattandaky edarasynda öz tarapdarlarynyň öňünde eden ýeňişli çykyşynda, özüniň “ähli amerikanlylar üçin” prezident boljakdygyny we hiç kimi kynçylyga goýmajakdygyny aýtdy.

Tramp özüniň Hillari Klinton bilen telefon arkaly gepleşendigini we onuň saýlawlaryň netijelerini ykrar edendigini aýtdy. Emma Klinton saýlawlaryň netijeleri barada köpçüligiň öňünde entek çykyş etmedi.

Tramp öz bäsdeşi ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary we senator Hillari Klintonyň öz ýurdy üçin ençeme ýylyň dowamynda eden hyzmatyna minnetdarlyk bildirdi: Hillari Klinton köp döwrüň dowamynda uzak wagtlap agyr zähmet çekdi. Biz oňa ýurdumyz üçin çeken zähmetine uly minnetdarlyk bildirmäge borçly. Men muny tüýs ýürekden aýdýaryn” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp Wiskonsin ştatynda resmi ýeňşi gazanyp, 276 sese eýe bolansoň, resmi taýdan ýeňiji diýlip yglan edildi.

Wiskonsin, Pensylwania, Ohio, Demirgazyk Karolina we Florida ştatlaryndaky köpçülikleýin ýeňişler Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trampa Birleşen Ştatlaryň 45-nji prezidenti bolmak üçin talap edilýän 270 sany sesden has köp ses getirdi.

Demokratik partiýasynyň saýlaw kampaniýasynyň ýolbaşçysy John Podesta müňlerçe tarapdarynyň öňünde çykyş edip, Hillari Klintonyň çykyş etmejegini aýtdy.

Klinton Kaliforniýa, Nýu Ýork, Illinoýs şeýle hem demirgazyk-gündogar ştatlaryň köpüsinde, Wirginiýa ştatlarynda ýeňiş gazanypdy.

Klinton jemi 19 ştatda we Waşingtonda, Tramp 26 ştatda üstün çykdy.

Orta günbatar ştatlar Minnesota we Miçigan, şeýle-de demirgazyk-gündogar ştaty Nýu Hempşir we günbatar Arizona we Alýaska ştaty boýunça sesler şindi sanalýar.

Şeýle-de, Tramp tutuş ýurt boýunça saýlawçylaryň umumy seslerini görkezýän halk ses berijiginiň netijeleri boýunça hem öňe saýlandy. Bu ses berişlikde Tramp 47,9% , Klinton 47,3% gazandy.

Kongressde respublikanlar 435 orunlyk Wekiller öýünde we 34 orny dawaly bolan Senatda öz gözegçiligini sakladylar.

Dalaşgärleriň bir-biri babatynda duşmançylykly kampaniýasy ABŞ-nyň syýasatynda uly bölünişigi emele getirdi.

69 ýaşly Klinton we 70 ýaşly Trump saýlaw kampaniýasynyň dowamynda, bir-birini rehimsiz daladylar. Käbir taryhçylar dalaşgärleriň bir-birini garalamak we aýyplamak boýunça Birleşen Ştatlaryň häzirki döwür taryhynda görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini belleýärler.

Baý biznesmen we öňki teleýyldyzy Tramp ABŞ-nyň onlarça ýyllaryň dowamynda alyp baran söwda syýasatyny ýazgardy we ses berijiler işçi toparynyň goldawyny gazandy. Klinton ýurduň söwda syýasatynyň tarapynda çykyş edip geldi.

Tramp özüniň geljekki planlary barada eden çykyşynda “biziň ägirt uly ykdysady planlarymyz bar. Biziň ösüşimiz iki esse artdyrylyp, dünýäde iň güýçli ykdysadyýetimiz bolar. Şol bir wagtda-da, biz bilen bile bolmak isleýän beýleki ýurtlar bilen hem bile bolarys. Biziň iňňän gowy gatnaşyklarymyz bolar, biz örän, örän oňat gatnaşyklara garaşýarys” diýip belledi.

Tramp Respublikan partiýasynyň dalaşgäri bolmak mümkinçiligine ýurda barýan musulmanlary “jikme-jik” barlamak we Merkezi Amerikadan barýan immigrantlaryň öňüni almak üçin günorta serhetlerde diwar döretmek boýunça teklipleri esasynda eýe boldy.

Amerikanlylaryň rekord derejesindäki sany bolan 46 million elektron poçta ýa-da saýlaw nokatlarynda möhletden öň ses berdiler.

XS
SM
MD
LG