Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Trampyň prezidentligi nähili bolar?


Donald Tramp

Donald Tramp

Respublikanlaryň kandidaty Donald Trampyň serhet diwarlaryny gurmakdan tä Wladimir Putini öwmäge çenli eden beýanatlary ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýasyny öňkülerden düýbünden tapawutly etdi.

Indi Trampyň 8-nji noýabrda gazanan üstünliginden soň, dünýä onuň prezidentliginden nämä garaşyp biler, ol syýasy teklipnamalaryny amala aşyryp bilermi diýen soraglary öz ýany bilen getirdi.

Prezidentiň ygtyýarlyklary

Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasy tarapyndan döredilen barlag we deňagramlylyk mehanizmi sebäpli köp zatlar Trampyň teklipnamalaryny ABŞ-nyň Kongresiniň goldap-goldamazlygyna bagly bolar.

Tramp biznes salgytlaryny azaltmak, ýurtdaky töhmet baradaky kanunlary üýtgetmek ýa-da prezident Barak Obamanyň saglygy saklaýyş pudagyndaky reformalaryny yza çekmek ýaly prezidentlik kampaniýasy döwründe beren wadalaryny durmuşa geçirmek üçin, ýurduň kanun goraýjy ýa-da sud organlarynyň goldawyna zerurlyk duýar.

Emma ekspertler Trampyň bu wadalaryň aglabasyny karar kabul edip, durmuşa geçirip biljekdigini aýdýarlar.

Daşary syýasat babatynda “prezidentiň ygtyýarlyklary teoretiki taýdan örän uly” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän Strategik derňewler baradaky halkara institutyň daşary syýasat boýunça amerikan eksperti Dana Allin aýdýar.

“Olaryň nädip Kongres tarapyndan aňsatlyk bilen çäklendirilip boljakdygyny görmek gaty kyn. Prezident bu pudakda harby taýdan herekete geçip-geçmezlik boýunça, goşunyň ýerini üýtgetmek ýaly köp zat edip biljek mümkinçilige eýe. Men oňa köp gözegçilik edip boljakdygyna ynanmaýaryn” diýip, Allin aýtdy.

Russiýa we NATO

Tramp Birleşen Ştatlar bilen “Russiýanyň gatnaşyklaryny häzirkisi ýaly däl-de, has dostlukly bolmagyny” saýlap alardym diýdi. Şeýle-de, ol has ysnyşykly gatnaşyklaryň netijesinde, iki ýurduň bilelikde “gidip” “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň “gapysyny kakyp” biljekdigini belledi we Russiýa bilen gatnaşyklary ýeňillik bilen tersine öwrüp biljekdigini hem nygtady.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen “örän gowy gatnaşyklarynyň” bolup biljekdigini we özüniň prezident Barak Obama garanda, Putin bilen has gowy gepleşikleri geçirip biljekdigini aýtdy.

Trampyň tankytçylary Obamanyň hem özüniň birinji prezidentlik möhletinde, Russiýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga çalşandygyny belläp, onuň bu aýdanlaryny sorag astyna alýarlar. Şeýle-de, olar Russiýa tarapyndan Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna garşy edilýän agressiw hereketlere Trampyň garşy durmaga taýýar we ukyply bolup-bolmajagyna hem şübheli garaýarlar.

Tramp Putini Obamadan has gowy lider diýip atlandyrmak bilen oňa bolan haýran galyjylygyny görkezdi. Mart aýynda ol NATO-ny “könelişen” diýip atlandyryp, tä birleşigiň agzalary öz harby çykdajylaryny artdyrýança we Birleşen Şatlar babatdaky “borçnamalaryny ýerine ýetirýänçä” ABŞ-nyň goldawyny ýatyrardym diýdi.

Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşiniň ABŞ-Transatlantik gatnaşyklar programmasynyň başlygy Henning Riekeniň aýtmagyna görä, Trampyň prezidentlik edýän döwründe, Birleşen Ştatlar “Russiýa tarap has köp egilse”, onda munuň “Ýewropanyň howpsuzlygy üçin göni we örän howply netijeleri” bolup biler diýdi.

Rieke “bu amerikanyň güýçli döwlet statusynyň iň möhüm esaslarynyň biridir. Ýagny şol esaslar öz ýaranlaryny goldamaga wada berýär” diýip, Russiýanyň Günbatar goranyşynda we bökdençliginde islendik boşlugy öz bähbidine ulanjaga meňzeýändigini belledi.

Moskwa “esasan-da Merkezi Aziýada we Gündogar Ýewropada täsirini has köp artdyrmak maksady bilen” NATO-ny we Ýewropa Bileleşigini “gowşatmak üçin islendik zady etjege” meňzeýär. “Eger bu işleri Russiýanyň deregine ABŞ-nyň prezidenti etse, onda Putin örän şat bolar” diýip, Rieke aýdýar.

Eýran bilen ýadro ylalaşygy

Trampyň 2015-nji ýylda gelnen ylalaşyk babatda gaýtadan gepleşikleri geçirmek barada beren wadasyny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolar. Şol ylalaşyga laýyklykda, Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy netijesinde ýadro programmasyny çäklendirýär.

Emma Rieke “munuň örän kyn boljakdygyny, sebäbi gepleşikleri geçirmek üçin arasynda Russiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ýurtlaryň bolan käbir partnýorlary hem gaýtadan bir stoluň başyna jemlenmeli boljakdygyny” aýdýar.

Ol şeýle synanyşygyň “Eýrandaky aşa konserwatiwleriň bähbidine bolup biljekdigini” aýdyp, munuň ylalaşygy puja çykarmakdygyny we Tähranyň ýadro ýaragyny özleşdirmeginiň öňüni almagy kynlaşdyrjakdygyny belledi.

Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak

Tramp “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy ýadro ýaraglaryny ulanmak ähtimallygyny aradan aýyrmagy ret etdi we Günorta Koreýa we Ýaponiýa öz ýadro ýaraglaryny özleşdirmegiň üstünde işläp başlamalydyr diýdi.

Daşky gurşaw

Tramp howanyň “global maýyllaşmagy baradaky konsepsiýanyň” Birleşen Ştatlaryň önümçiligini bäsleşige ukypsyz etmek üçin, hytaýlylar tarapyndan we hytaýlylar üçin döredilendigini” aýtdy.

Onuň prezident hökmünde öz wadalaryny ýerine ýetirmek üçin, klimatyň global taýdan üýtgemegi bilen ilteşikli kömürturşy gazyny bölüp çykarmagy çäklendirýän Pariž ylalaşygyndan yza çekilmäge ygtyýary bolar.

Trampyň energiýa we daşky gurşaw baradaky syýasatlary Respublikanlaryň kanun çykaryjylary tarapyndan giňden goldanylyp, ol federal ekologik düzgünnamalaryň hem kemeldiljekdigini wada beripdi.

Ol karar esasynda Alýaskanyň we Demirgazyk buzly okeanynyň goralýan sebitlerindäki nebit gazuw-agtaryş işlerini gaýtadan başladyp, Kanadadan gelýän nebit geçirijisindäki işlere gaýtadan rugsat berip biler. Bu nebit geçirijisindäki işler Obama tarapyndan ýatyrylypdy.

Immigrasiýa

Tramp Birleşen Şatlarda ýaşaýan 11,3 million bikanun migranty iki ýylyň dowamynda deportasiýa etmegi we bu plany amala aşyrmak üçin, “deportasiýa iş güýçlerini” döretmegi wada berdi.

Şeýle programmany maliýeleşdirmek üçin, Kongresiň razylygyna zerurlyk bar we käbir Respublikanlar bu pikire garşylyk görkezýärler.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän konserwatiw barlag merkezi “Amerikanyň hereket forumy” tarapyndan ýaýradylan analizlerde, Trampyň bu planlaryny iki ýylyň dowamynda doly ýerine ýetirmek üçin, “ABŞ-nyň immigrasiýa organyny we infrastrukturasyny deňi-taýy bolmadyk derejede giňeltmeli bolar” diýdi.

Şeýle-de, bu analizleriň netijelerinde, Birleşen Ştatlardaky bikanun immigrantlary ýurtdan çykarmak, ýurduň hakyky içerki önüminiň ösüşini 1,6 milliard amerikan dollary möçberinde pese gaçyrar we muny iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak “duýdansyz we çuňňur yza gaýtma” sebäp bolup biler diýilýär.

Trampyň Birleşen Ştatlaryň günorta serhedinde diwar gurmak we onuň maliýe çykdajylarynyň Meksika tarapyndan üpjün edilmelidigi baradaky planlary dogrusynda hem şübheler bar.

Meksika bu taslamanyň çykdajylary üçin maýa goýmajakdygyny aýdýar. “Washington Post” neşiri bu proýektiň maliýe çykdajysynyň 25 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygyny çaklaýar.

Şeýle-de, immigrasiýa meselesi boýunça Tramp musulmanlaryň ýurda girmegini wagtlaýyn gadagan etmek we bosgunlar programmasyny ýatyrmak baradaky dawaly teklibini durmuşa geçirmek üçin karar kabul edip biler.

Salgytlary kesmek

Tramp biznes salgytlaryny häzirki 35 % derejesinden, 15 % kemeltmek baradaky pikirlere esaslanýan ykdysady plany hem teklip etdi. Gürrüňi edilýän salgydyň kemeldilmeginiň kompaniýalary maýa goýmaga höweslendirmek bilen, iş orunlarynyň döremegine we ykdysadyýetiň ösmegine getirjekdigi aýdylýar.

Respublikanlar, umuman aýdylanda, şeýle salgyt ýeňilliklerini goldaýar. Emma muňa garaşsyz we iki partiýany goldaýan toparlar, şeýle-de käbir maliýe konserwatiwleri garşylyk görkezýärler.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän we hiç bir partiýany goldap çykyş etmeýän “Tax Foundation” barlag merkezi Trampyň salgytlary kemeltmek baradaky teklipnamasynyň “federal girdejini 5,9 trillion amerikan dollary möçberinde azaltjakdygyny” çaklap, muňa laýyklykda gurply adamlaryň has az salgyt tölejekdigini aýdýar.

Söwda ylalaşyklary

Trampyň ykdysady planynyň ýene bir bölegi, onuň ABŞ biznesiniň “betbagtçylykly” söwda ylalaşyklaryndan ejir çekýändigini we olaryň gaýtadan gözden geçirilmelidigi baradaky garaýyşlaryna esaslanýar.

Trampyň prezident hökmünde Trans-Ýuwaş okean hyzmatdaşlygyndaky söwda ylalaşygyndan we Demirgazyk Amerikan erkin söwda ylalaşygyndan çykmaga kanun taýdan ygtyýary bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG