Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlige saýlanan Donald Tramp we wise-prezident Maýk Pens


Maýk Pens we Donald Tramp
Maýk Pens we Donald Tramp

DONALD TRAMP

Nýu-ýorkly milliarder biznesmen we öňki “reality TV” ýyldyzy Donald Tramp Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaş edýän kandidatlarynyň arasynda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiji boldy.

Kandidatlyga dalaş edýän beýleki adamlardan üstün çykmak bilen syýasy ekspertleri we partiýa işgärlerini aňk-taňk eden emläk tütjary iýul aýynda Respublikan partiýasynyň Kliwlendde geçen milli konwensiýasynda partiýanyň kandidatlygyny kabul etdi.

Syýasy neofit bolan Tramp häkimiýet eýeleri hasaplanýan gatlaga garşy kandidat bolup bäsleşige girdi, özünden has tejribeli bäsdeşlerini Twitterde we geçen çekişmelerde ýiti tankytlady hem kemsitdi.

Tramp özüniň iň soňky iki opponentini – Tehasyň senatory Ted Kruz we Ohaýonyň gunbernatory Jon Kasiç – ýeňip, 8-nji noýabr saýlawynda Demokratik partiýanyň kandidaty Hilleri Klinton bilen güýç synanyşmak hukugyny gazandy.

Iş orunlaryny döretmek we salgyt derejesini peseltmek bilen “Amerikany gaýtdan beýgeltjekdigini” wada etse-de, Tramp bu meseleler boýunça jikme-jik maglumat bermän pozisiýasyny ýygy-ýygydan üýtgetdi.

Ol “kanuny we tertip-düzgüni” güýçlendirjekdigini aýdyp, Amerikan-Meksika serhedinde diwar gurup, ýurda bikanun gelýän immigrantlaryň öňüni almagy wada berdi. Ol bu diwaryň harajatyny Meksiko çeker diýdi.

Tramp şeýle hem haýsynyň terroristdigini kesgitlemek üçin musulman immigrantlary barada “güýçli derňew” çärelerini girizjekdigini aýtdy. Ýöne ol Birleşen Ştatlara girmegi bütin musulmanlara gadagan etjek diýip beren wadasyndan soňra dändi.

70 ýaşly Tramp prezident Barak Obamany gowşak lider diýip, berk tankytlady, ony Siriýa we dünýäniň beýleki gowgaly ýerlerinde şowsuzlyga uçran syýasat diýilýänine jogapkär etdi. Ol aýratyn-da Waşington tarapyndan ýola goýlup, 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşylan halkara ýadro geleşigini tankytlady.

Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini “beýik lider” diýip öwüp, Klintony Birleşen Ştatlaryň taryhynda bolan “iň ýaramaz döwlet sekretary” diýip atlandyrdy.

Ýöne Trampyň daşary işler boýunça maglumatynyň ýokdugy aýan bolan mahallary-da boldy. Ol öten aý geçirilen bir interwýusynda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny zor bilen alandygyndan bihabar diýen täsiri galdyrdy.

German-şotland asylly Tramp Nýu-Ýorkda bir gurply tütjär maşgalada dünýä indi.

Ol Nýu-Ýorkyň hususy harby akademiýasyny tamamlanyndan soňra Broksyň Fordham uniwersitetine okuwa girip, ahyrki iki ýylyny Pensilwaniýa uniwersitetinde geçirip, okuwyny ykdysadyýet boýunça 1968-nji ýylda tamamlady.

Tramp hiç haçan goşun gullugynda bolan adam däl. Ol studentkä öz atasynyň emläk kompaniýasynda işe başlady, atasy 1999-njy ýylda aradan çykansoň hem bu kompaniýany özi ýöretdi.

Trampyň guramasy dünýäniň dürli künjeklerinde, esasan hem Nýu-Ýork sebitinde asmana ýetip duran belent jaýlar we kasinolar gurdy. Ýöne onuň gurluşyk işiniň batyp galan mahallary hem bar.

Baýlygy 3 milliard dollardan, 3.7 milliard dollar aralygynda diýlip çaklanýan Tramp 2004-nji ýylda “NBC” telekanalynda alyp baran “The Apprentice” atly oýun şowy bilen tanymal telewideniýe ýyldyzyna öwrüldi.

Ýöne aýdylyşyna görä, ”NBC” onuň kontraktyny immigrantlar barada edýän “hapa beýanatlary” sebäpli 2016-njy ýylda ýatyrypdyr.

Üç gezek öýlenen Trampyň bäş çagasy we sekiz agtygy bar. Saýlaw kampaniýasynda gyzy Iwanka, we ogullary Donald (Jr.) bilen Erik möhüm rol oýnadylar.

MAÝK PENS

Respublikan partiýasynyň wise-prezidentlige kandidaty Indiana ştatynyň gubernatory Maýk Pens.

Pens sosial we maliýe işlerinde konserwatiw garaýyşly diýip tanalýan hem-de hristianlyga berk ynanýan adam.

2008-nji we 2012-nji ýyllarda prezidentlige kandidat bolmagy mümkin diýlip çaklansa-da, Pens resmi taýdan bu wezipe ugrunda hiç haçan dalaşa girenok.

Ol syýasata goşulmazdan öň adwokat şeýle hem radio işgäri bolup işledi.

Indiana ştatynda irland asylly katolik maşgalada doglan Pens 1981-nji ýylda Hanower kollejini tamamlap, 1986-njy ýylda Indiana uniwersitetinden hukuk boýunça alymlyk derejesini aldy.

Birnäçe ýyllap aklawçy bolup işlän Pens 1988-nji we 1990-njy ýyllarda Kongrese girmäge dalaş etse-de, bu işde üstünlik gazanyp bilmedi.

Pens adwokatlyk işini dowam etdirip, radioda syýasat barada “The Mike Pence Show” programmasyny alyp bardy.

2000-nji ýylda ol Kongrese saýlanyp, 2012-nji ýyla çenli şol ýerde işledi. Şol ýyl Indianada gubernatorlyga saýlandy.

Pens 2009-nj yýylda Kongresde respublikanlaryň arasynda üçünji derejeli pozisiýa saýlandy.

Wekiller palatasynyň daşary işler komitetinde işlän Pens halkara syýasatyndan maglumatly adam hasaplanýar.

Pens gubernator höküminde salgyt derejesini aşakladyp, Indianada býujeti artdyrdy.

Ol üstümizdäki ýylda bir kanuna gol çekeni üçin, tankyt astyna düşdi. Seksual gatnaşyklarda öz jynsdaşlaryny ileri tutýan aýallar we erkekler hem-de jynsyny üýtgedenler bu kanuna özleriniň ala tutmagy diýip garadylar. Turan protestlerden soňra bu kanun üýtgedildi.

Pensiň aýaly we kämillik ýaşyna ýeten üç çagasy bar.

XS
SM
MD
LG