Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Günorta Koreýa sapar edýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew üç günlük döwlet sapary bilen Günorta Koreýa bardy.

Prezidentiň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, Nazarbaýew 9-njy noýabrda Seula barypdyr. Onuň Günorta Koreýanyň prezidenti Park Geun Hey bilen duşuşjagy aýdyldy.

Iki ýurduň özara gepleşikleriniň üns merkezindäki esasy meseleleriň halkara we ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişlidigi resmi maglumatlarda habar berildi.

Şeýle-de Nazarbaýewiň günorta koreýaly biznes wekilleri bilen duşuşjakdygy we Yonseý uniwersitetine barjakdygy mälim edildi.

Nazarbaýew Günorta Koreýa 6-9-njy noýabrda Ýaponiýa eden saparyndan soň bardy.

XS
SM
MD
LG