Sepleriň elýeterliligi

Putin: Moskwa Waşington bilen gatnaşyklaryny dikeltmäge taýýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Donald Tramp

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Donald Tramp

Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmagynyň yzýany Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Waşington bilen gatnaşyklary dikeltmäge taýýardygyny aýtdy.

“Biz ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde edilen çykyşlary hem eşidipdik, olar Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň arasynda gatnaşyklaryň dikeldilmegine gönükdirilipdi. Biz Orsýetiň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň, gynansak-da häzirki çöken derejesini nazara alanymyzda, bu ýoluň ýeňil bolmajagyna düşünýäris we göz ýetirýäris”, diýip Putin 9-njy noýabrda Moskwada birnäçe daşary ýurduň diplomatlary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda prezidentiň metbugat- gullugy Putiniň Trampyň ABŞ-nyň 45-nji prezidenti saýlanmagyny gutlap, hat ýollandygyny habar berdi.

Moskwanyň Waşington bilen gatnaşyklary Barak Obamanyň Ak Tama ýolbaşçylyk eden döwründe çürt-kesik ýaramazlaşypdy. Iki ýurduň arasynda Ukrainadaky we Siriýadaky konfliktler boýunça gapma-garşylyk döredi.

XS
SM
MD
LG