Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Yrak güýçleri adamlary gynap öldürdiler


Yrak güýçleri
Yrak güýçleri

“Amnesty International” guramasy Yragyň hökümet güýçleriniň Mosul şäheriniň golaýyndaky oba ýaşaýjylaryny gynamalara sezewar edip, öldürendigi barada delilleri ýygnandygyny aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň aýtmagyna görä, oktýabr aýynyň ahyrynda Mosulyň günortasyndaky birnäçe obada alty çemesi adam “Yslam döwleti” atly ekstremist topar bilen ilteşigi bolmakda güman edilip öldürildi.

Birleşen Ştatlaryň howa zarbalary we Kürt peşmerga söweşijileri tarapyndan goldanylýan yrak güýçleri Mosuly söweşijilerden yzyna almak ugrunda uruşýarlar.

“Federal polisiýa eşigindäki adamlar ýaşaýjylaryň ençemesini bikanun saklap, soňra-da öldürdiler” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Beýrutdaky regional edarasynyň barlaglar boýunça direktorynyň orunbasary Lynn Maalouf aýtdy.

Ol “käbir ýagdaýlarda ýaşaýjylaryň öldürilmezden ozal, gynamalara sezewar edilendigini” sözüniň üstüne goşdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän topar Yragyň hökümetini bu adam öldürmelerini derňemäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG