Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da müňlerçe adam Trampyň ýeňşine garşy protest geçirdi


ABŞ-da müňlerçe adam Trampyň ýeňşine garşy protest geçirdi. 9-njy noýabr, 2016 ý.

ABŞ-da müňlerçe adam Trampyň ýeňşine garşy protest geçirdi. 9-njy noýabr, 2016 ý.

9-njy noýabrda Birleşen Ştatlaryň Boston, Los-Anjelos ýaly şäherlerinde müňlerçe demonstrant Donald Trampyň garaşylmadyk ýagdaýda prezident saýlanmagyna garşy protest bildirdi.

Aglaba parahat protestçiler Trampyň dokumentsiz millionlarça immigranty ýurtdan çykarjakdygy barada beren wadasyna, şeýle-de musulmanlara, zenanlara we beýlekilere garşy eden kemsidiji hereketlerine we beýanatlaryna garşy demonstrasiýa geçirip, ýol hereketiniň kadaly ilerlemegini bozup, Trampa garşy plakatlary göterdiler.

Bu demonstrasiýalar Trampyň Demokratlardan garşydaşy Hilari Klintonyň halk Trampa ýurdy “dolandyrmak üçin mümkinçilik” bermeli diýip eden çykyşyna garamazdan geçirildi.

Klinton 9-njy noýabrda eden çykyşynda saýlawlar “biziň halkymyzyň biziň pikir edişimizden has çuňňur derejede bölünendigini” görkezdi diýdi.

XS
SM
MD
LG