Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan, BAE özara düşünişme memorandumyna gol goýdy


Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew

Türkmenistanyň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew

Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) adatdan daşary we krizis ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişme memorandumyna gol goýdular diýip, 9-njy noýabrda arap neşiri habar berdi.

“WAM” neşiriniň maglumatyna görä, çarşenbe güni Abu-Dabide bu dokumente arap tarapyndan goranmak ministri Muhammed Al Bowardi we türkmen tarapyndan ýurduň goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew gol goýdy.

Al Bowardi bu dokument Birleşen Arap Emirlikleriniň milli howpsuzlyk strategiýasynyň çäklerinde krizis we betbagtçylyk ýagdaýlaryna garşy göreşde taýýarlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýdi.

Berdiýew hem öz gezeginde, häzirki ýagdaýlaryň nukdaý nazaryndan Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen goranmak we howpsuzlyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG