Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçihanasy Täjigistanda hüjümleriň bolmagy mümkin diýýär


Täjigistanyň polisiýa ofiserleri.
Täjigistanyň polisiýa ofiserleri.

Birleşen Ştatlaryň Duşenbedäki ilçihanasy ýurtdaky jemgyýetçilik üýşmeleňlerinde we Owganystan bilen serhet geçelgelerinde hüjümleriň amala aşyrylmagynyň mümkindigi barada maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýdýar.

Ilçihananyň 10-njy noýabrda ýaýradan beýanatynda “terrorist toparlaryň” hüjümleri amala aşyrmagynyň mümkindigi mälim edilýär, emma olar barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär.

Ilçihananyň beýanatynda ABŞ-nyň raýatlaryna uly köpçülikleýin üýşmeleňlerine barmazlyga we jemgyýetçilik transportlaryndan peýdalanmazlyga çagyryş edilýär.

Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň Owganystan bilen serhedinde owgan neşe gaçakçylary bilen çaknyşyklaryň bolandygyny ýygy-ýygydan habar berýär.

XS
SM
MD
LG