Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany ikinji gezek haja gelenlere wiza tölegini artdyrdy


Saud Arabystany ikinji gezek haja gelenlere wiza tölegini artdyrdy.

Saud Arabystany ikinji gezek haja gelenlere wiza tölegini artdyrdy.

Saud Arabystany ýurda dini zyýarat maksatly gelen adamlar üçin, wiza tölegini artdyrypdyr. Mirasdüşer şazada Muhammad Bin Naifiň baştutanlyk edýän Wezirler geňeşiniň kabul eden kararyna görä, ikinji gezek haj zyýaratyna gelen raýatlardan 2000 saud riýaly, ýagny 533 amerikan dollary möçberinde töleg alynar.

Bu töleg düzgüni şol bir wagtyň özünde Umra zyýaratyna barýanlara hem degişlidir. Ýöne ilkinji haj sapary üçin berilýän wiza tölegi owalkysy ýaly ýene mugtdyr.

Adaty zyýarat wizalarynyň bahasy iki aý üçin 200 saud riýaly, ýagny 53 amerikan dollary, üç aý üçin bolsa 300 riýal ýagny 80 amerikan dollary möçberinde kesgitlenipdir. Bu wiza tölegleri oktýabryň öňüsyrasynda güýje giripdir.

"Köpçüligi jylawlamak"

Saud Arabystany her ýyl hususy haj wizasyny alýan musulmanlaryň sanyna belli bir çäklendirme getirýär. Şeýlelik bilen Mekgä we Medinä ümzükýän çendenaşa köp märekä çäre görmegi maksat edinýärler. Geçen ýylky haj zyýaraty mahalynda mukaddes Mina dagynyň golaýynda ýüze çykan basa-baslykda 2400 adamyň aradan çykmagyndan soň, Saud Arabystanynyň hökümeti gaty güýçli tankytlara sezewar edilipdi.

Sentýabryň öňüsyrasynda sünni Saud Arabystanyň duşmany şaýy Eýran saudi hökümetini şol pajyga mahaly heläk bolan 400 eýranly haj zyýaratçysyny bilkastlaýyn öldürmekde aýyplapdy.

Eýranyň baş ruhanysy Aýatolla Ali Hamaneýi öz internet sahypasynda çap eden beýannamasynda, Saudiýanyň ýolbaşçylaryny "ynsapsyz jenaýatkärler" diýip atlandyrypdyr.

Saud Arabystanynda nebitiň girdejisiniň azalmagynyň dowam etmegi netijesinde ýüze çykýan ýetmezçilikleriň öwezini dolmak üçin, şeýle çäreler görülýär.

Özgerişlikler

Saud Arabystanynyň hem agza bolan OPEK atly guramasynyň çekýän kynçylyklarynyň biri-de Eýranyň nebitine goýlan sanksiýalaryň goýbolsun edilmegi bilen baglanşyklydyr.

2014-nji ýylyň ortasynda iň ýokary derejesi bolan 100 amerikan dollary möçberine baryp ýeten nebitiň bahasy bu ýylyň fewralynda iň pes derejä, ýagny 26 dollara çenli azaldy.

Şalyk häzirki döwürde indi özüniň süýşürintgiler ulgamynda özgerişlikleri amala aşyrýar. Mirasdüşer şazada Muhammad bin Salman iýun aýynda "Bloomberg" atly habar gullugyna beren beýannamasynda, özgerişlik maksatnamasy bilen 2020-nji ýyla çenli nebitden daşaryn 100 milliard dollar girdeji gazanmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyr.

Goşmaça girdejiler daşary ýurtlulardan alynýan salgytlar bilen süýjedilen içgilerden alynýan salgytlardan gazanylar. Ýöne girdejiden salgyt alynmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG