Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň gahrymany, halk şahyry we Özbegistanyň döwlet gimniniň sözleriniň awtory Abdylla Arypow penşenbe güni Daşkendiň «Çigataý» gonamçylygynda topraga berildi.

Abdylla Arypow 5-nji noýabrda, 75 ýaşynda Birleşen Ştatlaryň Tehsas ştatynda, Hýuston şäherindäki hassahanada medisina berjergisini alýan ýerinde jan berdi.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, şahyryň jaýlanan güni onuň öýüne Özbegistanyň iş başyndaky döwlet baştutany Şawkat Mirziýaýew, hökümetiň beýleki agzalary hem gelip, derwezäniň agzynda durup, ýasa gelenleri garşy aldylar.

«Men ozal beýle zady görmändim. Sebäbi şahyry jaýlamaga ýokary derejeli emeldarlaryň tas hemmesi geldi» diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy garaşsyz žurnalist Abdyrahman Taşanowa salgylanyp ýazýar.

Şahyryň jaýlanýan pursaty

Şahyryň jaýlanýan pursaty

Abdylla Arypowy soňky ýoluna ugratmaga ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Azatlyk radiosy şahyryň Birleşen Ştatlarda, ömrüniň soňky günlerinde ýazan goşgularynyň birini türkmençä geçirip, öz okyjylaryna hödürlemegi makul bildi.

***

Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?

Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat dagyna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?

Ýalançy dünýäde gün görmek üçin,
Çümmedik ýalanym galmady myrtar.
Sen nämüçin hilegärlik edýärsiň,
Ýalançylyk seniň nämäňe derkar?

Çem gelene boljak boldum hoşamaý,
Aýak ýalap gezdim aç pişik ýaly.
Egildi bir zaman dik bolan başym,
Men saňa hiç rowa görmen bu haly.

Seret ata-babaň şöhrat-şanyna,
Ýalan şöhrat gözläp, gorpa ýykylma.
Men durmuş ýolunda boldum oýunjak,
Hemem betbagt boldum, sen beýle bolma.

Özbekçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG