Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da Trampa garşy protestler geçýär


ABŞ-da Trampa garşy protestler geçýär

ABŞ-da Trampa garşy protestler geçýär

10-njy noýabrda Birleşen Ştatlarda protestçiler prezident saýlanan Donald Trampa garşy çykyş edip ýöriş geçirdiler. Tramp olary “media tarapyndan öjükdirilen” “professionallar” diýip atlandyrdylar.

Esasan parahatçylykly protestler Waşingtonda, Baltimorda, Filadelfiýada, Nýu Ýorkda, Los Angelesda, San Fransiskoda, Oaklandda we Portlandda geçirildi we raýat närazylygyny mälim etmek boýunça herekete öwrüldi.

Minneapolisde ýöriş geçiren onlarça adam azyndan bir sagatlap ýoly böwetlediler.

Kaliforniýadaky protestçileriň ençemesi öz ştatynyň ykdysadyýetiniň we ilat sanynyň dünýäniň käbir ýurtlaryndan has uludygyny aýdyp, onuň ABŞ-dan bölünmegini teklip etdiler.

Tramp Twitter sosial ulgamynda beren jogabynda: “Örän adalatsyz!” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG